BIZNES

Telekeçiler 24 sany iri desgany işe girizdiler

2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan 24 sany iri desgany işe girizdi. Bu barada “tstb.gov.tm” saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu taslamalaryň halk hojalygynyň hususy pudagynda durmuşa geçirilmeginiň netijesinde şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary üçin 600-e golaý täze iş orunlary döredildi.

Umuman, TSTB-iň agzalary tarapyndan dürli döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan 362 taslama durmuşa geçirildi. Importyň azaltmagyna ýardam edýän we ýokary goşmaça bahasy bolan içerki önümleriň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýän ýüzlerçe döwrebap kärhanalar esaslandyrylýar.

 

TSTB-niň kärhanalarynda haryt dolanyşygy 5,4 göterim ýokarlandy

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy