DÜNÝÄ

Angela Merkel Russiýada we Ukrainada saparda bolar

Bu barada Germaniýanyň hökümetiniň wekili Şteffen Zaýberg brifingde habar berdi.

Onuň aýmagyna görä, Merkel 20-nji awgustda Moskwa barar. Maksatnamanyň anyklyklary indiki hepde yglan ediler, ýöne onuň prezident Putin bilen duşuşjakdygy aýdyňdyr.

Moskwa tarapyndan berlen beýanata görä, Russiýanyň döwlet Baştutany Merkel bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini, şeýle hem halkara we sebitleýin meselelerini ara alyp maslahatlaşmak isleýär.

Şeýle hem, Merkeliň 22-nji awgustda Ukraina sapary meýilleşdirilýär. Ukrainanyň Prezidentiniň metbugat kätibi Sergeý Nikiforowyň sözlerine görä, Wladimir Zelenskiý bilen boljak duşuşykda «Demirgazyk akymy ― 2» we Donbassdaky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşylar.

Merkeliň daşary ýurtlarada kansler hökmünde soňky saparlaryny amala aşyrmagy hem ahmal. Sentýabr aýynda Germaniýada saýlawlar geçiriler.

 

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk

 

 

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi