DÜNÝÄ

Mýanmada güýçli ýertitreme zerarly 7 gün matam yglan edildi

Mýanmanyň hökümeti ýurtda bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly bir hepdeli milli matam yglan etdiler. Bu barada ýurduň hökümetiniň Baştutany Min Aun Hlaýyn habar berdi.

– 31.03.2025-06.04.2025 seneleri aralygynda milli matam yglan ediler. Şu günler milli baýdagymyz aşak düşüriler – diýip, syýasatçy habar berdi.

28-nji martda Mýanmada güýçli ýertitreme hadysasy bolup geçdi. Ýertitremäniň bolan ýerindäki güýjüniň 8.2 Rihter balyna deňdigi bellenildi. 1.7 müň adam pida bolup, 3.4 müňe golaý adam ýaralandy. Ýer ynanmlary diňe bir Mýanmada däl, eýsem golaý sebit ýurtlarynda Tailanda, Laosda, Bangladeşde, Hindistanda we Hytaýda duýuldy.

Related posts

Rumyniýada türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan sergi açyldy

Angela Merkel Russiýada we Ukrainada saparda bolar

Ilçi Tokio şäheriniň häkimini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy