JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz Masud Pezeşkiany Türkmenistana çagyrdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny türkmen we eýran halklarynyň bähbidine giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Öz gezeginde, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi özleri üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Eýrana barmaga çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik Eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Related posts

Türkmenistan bilen Türkiýe 71 maddalyk hereketleriň meýilnamasyny kabul etdi

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy başlady: 45 ýurtdan 800-den gowrak wekiliýet

Uluslararası medya forumunda Asya Oyunlarına farkındalık imkânı

vepa