SPORT

60 ýaşly pensioner welosipedli Ewereste çykdy

Hytaýly pensioner welosipetde 5600 kilometr ýol geçip, Ewerest dagyna çykdy diýip, «Sinhua» habar berýär.

Munuň üçin 60 ýaşly Fu Sişen 82 güni ýolda geçirdi. Ol birnäçe welaýatlardan ― Gansu, Siçuan we Ýunnandan geçdi we ýoldaky kynçylyklara garamazdan,Tibet awtonom sebitine howpsuz ýagdaýda ýetip geldi.

Höwesjeňiň aýtmagyna görä, ol yzygiderli taýýarlyklaryň netijesinde Ewereste üstünlikli ýetip geldi. Syýahata taýýarlyk görmek üçin ol hepdede dört gezek 15 kilometr ylgady we soňky üç ýylyň içinde ol her ýyl, takmynan, 10 müň kilometr tigir sürdi.

Aýyň topragyndan kislorod öndüriler

 

 

Related posts

Çempionlar ligasynyň duşuşyklary başlaýar

Türkmen toparlary AFK-nyň Kubogynda ilkinji duşuşyklaryny geçirdiler

Ata Watan Eserleri

«Aýakgabymy çykaraýynmy?»