SIZDEN GELENLER

Aşgabat – kämilligiň şäheri

Ähli döwletlerde, ähli döwürlerde paýtagt diýlip ykrar edilen şäher şol döwletiň ýüregi hasaplanýar. Şeýle bolansoň, paýtagtyň özge şäherlerden has üýtgeşik, has gözel bolmalydygy öz-özünden düşnükli zat. Merjen şäherimiz Aşgabat ýurduň syýasy gurluşynyň, ykdysady institutlarynyň, medeni jemgyýetçilik aýratynlyklarynyň ähli alamatlaryny özünde jemleýän şäherdir.

Eýsem biziň gözel paýtagtymyz Aşgabat hakynda nämeleri aýdyp bolar?   Köpetdagyň etegini ýakalap otyran, Garagumyň altynsow çägeleriniň arasynda ýaýylyp gidýän Aşgabat ýurdumyzyň baş şäheridir. Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezi bolup durýan Aşgabat şäheriniň hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň esasy kanuny bolan Konstitusiýamyzda hem-de 2016-njy ýylda kabul edilen “Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakyndaky” Kanunynda öz beýanyny tapýar.

Gözel paýtagtymyz baý taryhy bolan şäherdir. Bu ýer asyrlaryň jümmüşinde hem bereketli oazis, durmuş gaýnap joşýan kerwen ýolunyň çatrygy bolupdyr. Aşgabadyň taryhy 2500 ýyllyk alyslykdan başlanýar. Şol döwürde bu ýerde kiçiräk şäher-gala döräpdir. Bu şäher Türkmen-Parfiýa we Türkmen-Seljuk imperiýalarynyň strategik merkezi hökmünde taryhda asyrlara ýaň salan köp sanly wakalaryň şaýady bolupdyr. 1881-nji ýylda gadymy galaly Ashabatda harby serhet birikmesi döredilipdir we şäher Zakaspiý oblastynyň administratiw merkezine öwrülipdir. Soňra 1919-1927-nji ýyllarda Poltaraskiý diýlip atlandyrylypdyr hem-de oňa 1927-nji ýylda Aşgabat diýen milli at berlipdir.

Aşgabat agyr külpetleri başyndan geçiren şäher. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan pajygaly ýer yranmasynda doly weýran bolup, bütinleý diýen ýaly täzeden gurlan paýtagtymyzyň şu günki keşbini synlanyňda türkmen halkynyň synmaz erkine, mertligine, erjelligine, gahrymançylygyna baş egýärsiň. Tebigy bela halkyň erk-ygtyýaryny, mukaddes topragyna söýgüsini syndyryp bilmedi, tersine, il-ulsumyzyň agzybirligini berkitdi, ony mertlikde taplady.

Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynda Aşgabat şäherini ösdürmeklige ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garalýar. Milli Lidermiziň yzygiderli we oýlanşykly alyp barýan işleriniň netijesinde, mermer paýtagtymyz Aşgabady ajaýyp binagärlik toplumlary, halkara derejeli şaýollar, täsin suw çüwdürimleri, owadan seýilgähler bezeýär. Türkmenistanyň paýtagty heniz görlüp-eşidilmedik depginde bütinleý diýen ýaly täzeden gurulýar. Onuň mundan birnäçe ýyl ozalky keşbi bilen şu günki sazlaşykly gözelliklerini deňeşdireniňde, ýer bilen gök ýaly tapawudy bar. Ozalky könelişen jaýlaryň ornuny iň häzirkizaman desgalary eýeleýär. Ösen derejedäki şähergurluşyk infrastrukturasyna eýe bolýan Aşgabat halkara derejeli şaýollary, aýna ýaly köçeleri, abadanlaşdyrylan ýaşaýyş toplumlary, ak mermerli belent binalary, gözel baglary, yşyklandyryş ulgamynyň haýran galdyryjy gözelligi bilen dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülýär.

Bu günki gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde türkmeniň ýüreginiň buýsanjy bolan Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk şanly toýy dabaraly bellenip geçilýär. Merkezi Aziýanyň merjeni, parahatçylyk dörediji merkez, özüniň älemgoşar öwüşginli täsin yşyklary bilen sansyz asman ýyldyzlary Ýere gondumyka diýdirýän Aşgabat özüniň gözelligine hasda görk goşýan baýramçylyk lybasyna beslenip otyr. Tylla gupbaly köşkleri bilen dünýäni haýrana goýan merjen Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk şanly toýy gutly mübärek bolsun!

Hatyja Döwletnazarowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby,

“Paýhas we parasat” ylmy gurnagynyň agzasy. 

 

Ogulabat ejäniň kalbynyň mähri siňen sungat

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti