SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Bir sanjyma 1 million dollar

ABŞ-nyň Ogaýo ştaty ilatyň arasynda sanjyma bolan gyzyklanmany artdyrmak üçin gymmatly sowgatlar bilen aksiýa ― höweslendiriş çäresini guraýar. Şeýlelik bilen, uly ýaşly, sanjym edilen raýatlaryň arasynda  26-njy maýdan baýragy 1 million dollara ýetýän hepdelik lotereýa oýnalar. Aksiýa 5 hepde dowam edýär. Oňa sanjymyň azyndan bir ölçegini alanlar gatnaşyp bilýäler.

12 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň arasynda şuňa meňzeş şertlerde başga bir lotereýa oýnalýar. Ogaýo ştaty 5 sany ýeňijiniň ýerli uniwersitetleriň birinde okamagyny doly üpjün eder.

Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, pandemiýa başlanaly bäri ABŞ-da 32,8 milliondan gowrak adama wirus ýokaşdy we 583 647 sany adam ýogalypdyr. Döwlet iki  görkeziji boýunça hem dünýäde birinji ýerde durýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 117,6 million adama doly sanjym edildi.

Tatarystanyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi

 

 

Ýene-de okaň

“Pekin – Duşenbe” ugry boýunça ilkinji gatnawyny ýola goýdy

BSGG Ýewropada howa we saglyk boýunça täze komissiýa döretdi

Aşgabadyň Halkara howa menzili multimediýa ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar

«Galkynyş» topary Awazada dynç aldy

Türkmenistanyň metbugat wekilleriniň Türkiýedäki tanyşdyryş sapary

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri