BIZNES

«Abadan haly» eksport bazaryny giňeldýär

Özbegistan, Türkiýe we Owganystan Yslam Respublikasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde dokalýan nepis halylary esasy import edijileriň hataryna goşuldylar.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada habar berlişi ýaly, import ediji döwletleriň wekilleri, esasan, «Sähra», «Tolkun», «Kümüş», «Owadan» diýlip atlandyrylan halylara, portret halylara, şeýle-de türkmen tebigatynyň, haýwanat dünýäsiniň ajaýyplyklary görkezilen peýzaž halylaryna islegli.

Kärhana 2016-njy ýylyň 15-nji fewralynda açylyp, onda täze iş orunlarynyň 200-den gowragy döredildi. Ýöne kärhananyň işgärler bölüminiň başlygy Amanmyrat Muhammedow häzirki wagtda işgärleriň sanynyň 700 adama çenli ýetendigini gürrüň berýär.

Häzir bu ýerde her ýylda haly önümleriniň 3 million inedördül metre golaýy dokalýar.

 

Mindalyň witaminleri we aýratynlyklary

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar