SIZDEN GELENLER

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy – milli özboluşlylygyň binýady

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda  ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny dabaralandyrýar.  Pederlerimiz tarapyndan mukaddes saýylyp, keramata deňelen ata Watanymyz Türkmenistan soňky 30 ýyllyk garaşsyz ýaşaýşynda henize çenli görlüp-eşidilmedik ägirt uly ösüşleri başdan geçirdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda  gazanylan  üstünlikler, ýetilen belent sepgitler ýurdumyzyň saýlan milli ösüş ýolunyň ylmy esasda esaslandyrylandygyny görkezýär.

Mertebesi belent hormatly  Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna baryp, ýurdumyzyň ylmy işgärleriniň öňünde eden çykyşynda:  «Ylmy nukdaýnazardan türkmen halkynyň kemala gelşiniň, ösüşiniň taryhyny, onuň dünýä medeni ösüşin-däki ornuny, Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, Garaşsyzlyk döwrüni  hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny… düýpli öwrenmek zerurdyr[1] – diýip nygtan sözünden ruhlanan alymymyz, hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent Taganmyrat Goçyýew «Millilik: döwlet Garaşsyzlygynyň binýady» atly ylmy makalasynda ata Watanymyzyň  Garaşsyzlyk ýyllarynda esaslandyrylan milli ösüş ýolunyň özboluşlylygyny ylmy nazaryýet taýdan öwrenip, diýseň göwnejaý teswirleýär.

Hukukçynas alymymyz Taganmyrat Goçyýewiň «Millilik: döwlet Garaşsyzlygynyň binýady» atly ylmy makalasynda: «Diňe milli aýratynlyklaryny gorap bilýän halk özygtyýarlylygyny yglan edip, garaşsyz döwlet bolup biler. Milli aýratynlyklar garaşsyz döwletiň diňe bir binýady bolman, ol onuň asyl many-mazmunyny düzýär. Milli aýratynlyk bolmasa millet ýok, millet ýok ýerinde döwletem berkarar edip bolmaz. Şoňa görä-de, türkmen döwletiniň özbaşdaklygy, garaşsyzlygy, bitaraplygy onuň milliligine esaslanýar. Elbetde, döwlet berkararlygy üçin başga şertlerem gerek, ýöne milli aýratynlyklar onuň ruhy gönezligi hasaplanýar.» – diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, biziň türkmen halkymyz hem  heniz ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmanka,  1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda yglan eden Döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky jarnamasynyň 14-nji, 15-nji bölegine laýyklykda, milli edim-gylymlarymyzy, däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy gaýtadan dikeltdi. Türkmen halky döwlet Garaşsyzlygynyň datly günleriniň bosagasyndan gadam basmanka, Nowruz baýramyny belledi, ýaşulularyň maslahatyny, Dünýä türkmenleriniň I maslahatyny geçirdi. Maslahat bolsa, türkmen halkynyň iň gadymy milli ýörelgeleriniň biridir. Bu barada hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent Taganmyrat Goçyýew «Millilik: döwlet Garaşsyzlygynyň binýady» atly ylmy makalasynda: Türkmenler hemişe ewolýusion ösüş ýoluna eýeripdirler, ýagny her bir jemgyýetçilik ähmiýetli meseläni çözenlerinde ýedi ölçäp, bir kesipdirler. Garaşsyz döwletimizde maslahatlaşmak ýörelgesi il-ýurt bähbitli we döwlet ähmiýetli meselelerde dogry we ygtyýarly netijelere gelinmegine giň mümkinçilikleri açýar. Megerem, şol sebäpli eždatlarymyz: «Geňeşsiz işiň puşmany köp» ýa «Geňeşsiz – iş, lezzetsiz – aş» diýen bolmaly.» – diýip beýan edýär. Hut şu nukdaýnazara esaslanamyzda, türkmen maslahaty halkymyzyň ata-babalarymyzdan miras galan gadymy ýörelgesi bolup, döwlet Garaşsyzlygymyzyň binýadyny berkidiji ruhy galkynyşymyzyň milli esasydyr. Milli esas bolsa, Garaşsyz döwletliligiň baş şertidir. Diýmek, Garaşsyzlyk  –  her  bir ýurduň milli aýratynlyklaryna esaslanýan  döwlet özygtyýarlygynyň baky berkararlygydyr. Bu berkararlyk döwletiň  milli ösüşiniň özboluşlylygyny dabaralandyrýan kämil binýadynyň mizemez sütünidir.  Hut şu nukdaýnazardan-da,  ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygy mukaddes Watanymyzyň  okgunly ösüşiniň  özboluşly bir aýratynlygyny kesgitleýän milli Bitaraplygymyzy baky esaslandyryjydyr. Garaşsyzlygymyzyň hemişelik esaslandyran milli Bitaraplygy bolsa  ýurdumyzyň däp-dessurlaryna, urp-adatlaryna, özboluşly bir ýerli aýratynlygyna, ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk, adalatlylyk, ynanyşmaklyk, beýik ynsanperwerlik,  hoşniýetli gatnaşyk, dost-doganly hyzmatdaşlyk ýaly türkmençilik ýörelgeleriniň düýp esas özenini düzýär. Diýmek, Garaşsyzlyk döwlet berkararlygymyzyň kämil gurnalan binýady bolup, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny rowaçlandyryjy esasdyr.  Bu esas günsaýyn pajarlap, batly gadamlar bilen özgerip barýan ýurdumyzyň şu günki, beýik galkynyşlarynyň, ägirt uly üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitleriniň  rowaçlanmagyna binýat goýan özboluşly bir milli ösüş ýoludyr.  Garaşsyz ýurdumyzyň milli ösüş ýoly başgaça häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap ösüşiniň türkmen milli nusgasy hem diýlip atlandyrylýar. Häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap ösüşiniň türkmen milli nusgasy bolsa, ýurdumyzda döwlet Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyz bilen esaslandyryldy. Diýmek, milli ösüş ýoly diňe döwlet özygtyýarlygynyň berkarar bolmagynyň esasynda esaslandyrylýar eken.

 

                                                                                        Baky  Nurmuhammedow,

                                                                            Magtymguly adyndaky TDU-nyň

                                                                               Hukuk fakultetiniň talyby

 

Nesilleriň (Generation) aratapawudy

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady