JEMGYÝET

Milli we döwrebap lybaslaryň görkeziliş dabarasy

Ýurdumyzda Milli bahar baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň Sergiler zalynda gurnalýan ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sergisiniň çäklerinde,  2021-nji ýylyň 22-nji martynda sagat 12:00-da we 18:00-da ýurdumyzyň ökde dizaýnerleri tarapyndan taýýarlanylan milli we döwrebap lybaslaryň dabaraly görkezilişiniň geçirilýändigi barada Size habar berýäris. Bu barada türkmengazet.com internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Moda görkezilişinde :

  • Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň lybaslary;
  • “Mähirli Zenan” modallar öýüniň “Mahmal ýürekli Mähirli Zenan” atly kolleksiýasyndan saýlama lybaslar;
  • “Gül Zaman” gül we moda merkeziniň milli lybaslary;

dabaraly ýagdaýda görkeziler.

Siziň ähliňizi bu ajaýyp gözellige syn etmäge we dabaranyň hormatly myhmany bolmaga çagyrýarys.

Ählihalka bag ekmek dabarasy geçirildi

 

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan boýunça ýörite wekilleriň Katardaky üçünji duşuşygyna gatnaşdy

Tomaşa Merkezlerinde Dynç Güni

vepa

Türkmenistanyň wise-premýeri Günorta Koreýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy