SPORT

Olimpiýa oýunlaryna daşary ýurtdan tomaşaçy kabul edilmeýär

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl geçirilmegi göz öňünde tutulan Tokio Olimpiýa oýunlary täze görnüşli koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürilipdi. Şu ýylyň iýun-awgusta aýlarynda geçirilmegi göz öňünde tutulan tomusky Olimpiýa oýunlaryna daşary ýurtdan tomaşaçy kabul edilmejekdigi mälim edildi.

Ýaponiýanyň Tokio 2020 Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti täze görnüşli koronawirus pandemiýasy sebäpli Olimpiýa we paraolimpiýa oýunlaryna daşary ýurtdan tomaşaçy kabul edilmeýändigini belläp geçdi.

SATYLAN PETEKLERIŇ PULLARY YZYNA TABŞYRYLAR

Tokio 2020 Olimpiýa oýunlarynyň ýolbaşçylaryndan Toşiro Muto daşary ýurtly tomaşaçylar üçin 600 müň Olimpiýa oýunlary, 30 müň hem paraolimpiýa oýunlary üçin petekleriň satylandygyny belledi. Ol petekleriň pullarynyň yzyna tabşyryljakdygyny mälim etdi.

Ýaponiýa Tokioda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny daşary ýurtly tomaşaçysyz geçirmek karary sebäpli takmynan 150 milliard ýen (1,37 milliard dollar) ýitirer.

Oýunlary gurnaýjylar, ýaryş wagtynda sport meýdançalarynda ýapon tomaşaçylarynyň sanyny çäklendirmek kararyna gelse, goşmaça ykdysady ýitgiler ýüze çykyp biler.

Olimpiýa oýunlarynyň yza süýşürilmegi we koronawirusa garşy görülýän goşmaça çykdajylar sebäpli abraýly sport ýaryşyny geçirmek üçin býujet artdy we häzirki wagtda 1,64 trillion ýen (15,9 milliard dollar) barabar boldy.

Milli we döwrebap lybaslaryň görkeziliş dabarasy

 

 

Ýene-de okaň

Ronaldo özüniň 6-njy dünýä çempionatyna gatnaşar

Robert Lewandowskiniň «Kamp Nou» stadionynda «Barselona» bilen hoşlaşygy

Habi Alonso «Çelsi» toparynyň baş tälimçisi boldy

“Zenit” topary 11-nji gezek Russiýanyň çempiony boldy

«Gamba» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň kubogyny gazandy

«Seltik» toparynyň 56-njy rekord çempionlygy