SPORT

Çempionlar Ligasy: täze ýyldyz döredi

Birnäçe aý dowam eden arakesmeden soňra Ýewropanyň iň öňdebaryjy futbol ýaryşy bolan Çempionlar ligasy täzeden başlady. 18-nji fewralda oýnalan iki duşuşykda faworit görkezilen toparlar ýeňlişe sezewar boldy. Çempionlar ligasynda Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynda oýnaýan norwegiýaly Erling Holand bu ýaryşda bir möwsümde 10 gol geçiren iň ýaş futbolçylaryň biri boldy.

19 ýaşy bu oýunçy “Borussiýa Dortmund” bilen Neýmarly, Mbappeli, Di Mariýaly Fransiýanyň PSŽ toparyny 2-1 hasabyna ýeňmegi başardy. Şol duşuşykda 2 gezek hem Erling Holand tapawutlandy.

Şeýle hem Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşygynyň beýleki oýnunda Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” topary Angliýanyň ýeňilmezek topary “Liwerpuly” 1-0 hasabynda utdy.

Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşygyň netijeleri:

18-nji fewral:

“Borussiýa Dortmund” (Germaniýa) – PSŽ (Fransiýa) 2:1

“Atletiko Madrid” (Ispaniýa) – “Liwerpul” (Angliýa) 1:0

19-njy fewral:

“Atalanta” (Italiýa) – “Walensiýa” (Ispaniýa) 4:1

“Tottenhem” (Angliýa) – “Leipsig” (Germaniýa) 0:1

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri