JEMGYÝET

Ählihalka bag ekmek dabarasy geçirildi

2021-nji ýylyň 20-nji martynda Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ählihalk bag ekmek dabarasy giň gerimde geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagyndaky ählihalk bag ekmek dabarasy paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurulýan täze seýilgähiň çäklerinde guraldy.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň degişli Rezolýusiýasyna laýyklykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilen şu ýyl Türkmenistanda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygar astynda geçýär.

Ýurtda bu belli ýylda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli çäreleri geçirmek hakyndaky maksatnama laýyklykda, Türkmenistanda we daşary döwletlerde ýüzbe-ýüz we wirtual görnüşde ýörite duşuşyklar, forumlar, olimpiýadalar, sergiler guralýar.

Şu günki ählihalk bag ekmek dabarasy Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurtda tokaý zolaklaryny artdyrmak maksady bilen geçirilýär. Agzalan çäre Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýar we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hemde biologik köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek» diýlip bellenilen 15-nji Maksadyny durmuşa geçirmäge gönükdirilýär.

Şu ýyl ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp nahalyň oturdylmagy meýilleşdirilýär.

Geçen ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 25 million bag nahallary oturdylypdy.

Baýden we Szinpin milli Liderimizi gutladylar

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar