DÜNÝÄ

Ekologiýa taýdan arassa geljegiň şäherini gurýarlar

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammet bin Salman döwlet telewideniýesinde özüniň “The Line” taslamasyny yglan etdi. Bu taslamada ýurduň demirgazyk-günbatarynda howa şertlerine zyýan bermejek ekologiýa taýdan arassa we awtoulagsyz şäher gurjakdyklaryny habar berdi.

“Ýaşyl Şäher” atly durmuşa geçiriljek taslama, Gyzyl deňziniň kenaryndaky Tabuk obasynda ýerleşer. Muhammet bin Salman 1 million ilatly şäherde 380 müň iş orunlarynyň dörediljekdigini we bu şäherde 100% göterim arassa energiýa ulanjakdyklaryny aýdyp geçdi. Meýdany takmynan 26 müň 500 inedördül kilometr barabar bolan taslamanyň gurluşygyny 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde başlap, 2025-nji ýylda tamamlamagy meýilleşdirýärler. Bu şäherde uly göwrümli ýaşyl zolaklar, mekdepler we hassahanalar gurlar. Şäheriň elektrik ugruny Gün panellerinden we beýleki täzelenip bilýän energiýa çeşmelerinden üpjün ederler. Şäheriň bir nokadyndan beýleki nokadyna gitmek üçin ýaşaýjylara bary-ýogy 20 minut ýeterli bolar. Ýurduň hökümeti taslamanyň gurluşygyna 500 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýärler.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk