DÜNÝÄ

80 ýylda ilkinji gezek

Şu gyşyň aýazam, gardyr ýagyşam özüne ýetik boldy. Dünýä metbugatynda döwletleriň aglabasynda gyşyň ygally we sowuk gelendigi barada ýazylýar. Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde bolsa gyş soňky 80 ýylyň rekordyny goýdy.

Has takygy, şäherde ýagan güýçli galyň gar Barahas halkara howa menziliniň rejenamalaryny derbi-dagyn etdi. Ýöne onuň esasy täsinligi bu däl. Şu gezekki gar sebäpli, Madrid şäherinde soňky 80 ýylyň içinde ilkinji gezek howplulygyň gyzyl derejesi yglan edildi. Muňa bolsa garyň galyňlygynyň 60 santimetre çenli ýetmegi sebäp boldy.

Häzir şäherde awtobuslardyr ýeňil awtoulaglar hereket edip bilmeýär diýen ýaly. Hökümet bolsa ilaty öýden çykmazlyga çagyrýar. Ýurtda koronowirus bilen bagly çäklendirmelere bu gezek galyň gar hem ýardam berdi.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Related posts

Türkmenistanda Özbegistanyň kino günleri geçirilýär

Türkmenistanyň we Gazagystanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri