DÜNÝÄ

«Apple» aýdym-saz bäsleşiginniň ýeňijilerini sylaglady

“Apple” kompaniýasy 2020-nji ýyldaky “Apple Music Awards” aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Bu barada “RBC Style” kompaniýasynyň habarynda aýdylýar.

Habara görä, «Ýylyň iň gowy artisti» ugry boýunça baýraga «The Bigger Picture» aýdymynyň ýerine ýetirijisi reper Lil Baby mynasyp boldy.

“Apple”  tarapyndan «Iň gowy liriki eser» baýragyny bolsa «Folklore» atly toplumy bilen Teýlor Swift gazandy.

«TikTok«-da ägirt uly şöhrat gazanan Roddi Riçiň «The Box» diýlip atlandyrylýan aýdymy «Ýylyň iň gowy aýdymy» diýlip yglan edildi.

Ýeri gelende aýtsak, «Apple Music Awards» geçen ýyl döredilen bäsleşikdir. Ilkinji bäsleşikde aýdymçy Billi Aýliş üç ugur boýunça baýraklara mynasyp bolupdy.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Related posts

Aşgabatda ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyry açyldy

Belarusda prezident saýlawlary üçin wagtyndan öň ses berişlik başlandy

Aşgabatda ÝB-niň Medeniýet günleri Ýewropa film festiwaly bilen tamamlanýar

Ata Watan Eserleri