DÜNÝÄ

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annayew Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi.

Taraplar Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ýokary derejeli syýasy dialogyň hem-de özara saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşýan goşandyny belläp, iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erkiniň netijesinde hyzmatdaşlygyň strategik derejä ýetendigini nygtadylar.

Duşuşykda ýurtlarymyzyň arasynda ulag, şeýle hem üstaşyr, logistika, sanly ösüş we telekommunikasiýa ugurlarynda häzirki ýagdaý we geljekki mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň amatly geografik ýerleşişiniň we sebitde artýan üstaşyr mümkinçiliginiň ulag geçelgelerini giňeltmek üçin möhüm mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Şeýle hem, Bilelikdäki Hökümetara Toparynyň işleriniň çäklerinde sanly ösüş, telekommunikasiýa infrastrukturyny kämilleşdirmek, ulag-logistika we üstaşyr aragatnaşyklaryny berkitmek boýunça täze mümkinçilikler göz öňünde tutuldy.

Şol bir wagtyň özünde, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň we doganlyk gatnaşyklaryň, esesan hem agzalan ugurlarda amaly hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine özara gyzyklanma bildirildi.

Related posts

Täze ýylda awtobuslar mugt bolar

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi

Türkmen-hindi hyzmatdaşlygynda ýaşlar syýasaty