DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG Baş sekretary H.Şmid bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary Babamurat Ýagşymow ÝHHG-nyň Baş sekretary H.Şmid bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurdumyz bilen ÝHHG-nyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyga kanagatlanarly baha berdiler we degişli ugurlarda mundan beýläk hem birek-birek bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy B.Ýagşymow Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk we döwletara ynam döretmek ýörelgelerini praktiki taýdan ulanmak boýunça başlangyçlarynyň halkara derjede goldaw tapýandygy barada aýdyp, bu ugurda BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2023-nji ýyl “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Halkara Parahatçylyk Inisiatiwasyny öňe sürmek baradaky başlangyçlaryny belläp geçdi.

Related posts

Owganystan Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

Türkiýäniň Prezidenti Gyrgyzystanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment