DÜNÝÄ

Ömürlik mugt awiapetek

16-njy sentýabrda Müsüriň “EgyptAir” awiakompaniýasy Kair-London ugry boýunça amala aşyrýan gatnawynda adatdna daşary ýagdýa bolup geçdi. Gyssagly uçary Germaniýanyň Mýunhen şäherinde gondurmaly boldular. Munuň sebäbi uçardaky ýolagçylardan Ýemen döwletiniň raýaty Hiýam Nasr Naji Daaban atly zenan göwreli eken we onuň göwrelik wagty ýetip gelipdir.

Täze dünýä injek bäbek uçary gonmagyna garaşyp bilmedi. Uçar entek asman giňişliginde wagty täze bäbek dünýä indi. Bu ýolagçy zenanyň bagtyna uçarda lukmanyň hem bolmagy begençli wakalaryň biri boldy. Ýolagçy lukmanyň uçaryň ekipažlary bilen bilelikde täze perzendi dünýä indirdiler diýip, “gizmodo.com” saýty habar berýär.

Müsüriň awiakompaniýasy özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundaky sahypasyndan, uçarda doglan bäbek üçin ömürlik bu awoakompaniýanyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga mümkinçilik berildi. Ol “EgyptAir” awiakompaniýasynda islendik wagtynda mugt uçuşlary amala aşyryp biljekdigini belläp geçdi.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy