TEHNOLOGIÝA

Ýagsyz zynjyr

Germaniýanyň BMW kompaniýasy “M Endurance” atly ýaglaman ulanyp bolýan motosikl zynjyryny işläp taýýarlady. Almaz bilen gaplanan zynjyr sürtülmäni iň pes derejä düşürip, dürli artykmaçlygy bilen tapawutlanýar. Awtoulaglara köp isleg bildirilse-de ýol dyknyşyklary sebäpli iri şäherlerde motosikl ulanmak zerurlygy ýüze çykýar. Motorlaryň we welosipedleriň zynjyrlaryny wagtly-wagtynda ýaglanylmadyk ýagdaýynda bökdençlik ýüze çykyp bilýär. Nemes brendiniň inženerleriniň işläp taýýarlan bu zynjyry çarhyň dişlerine birnäçe gezek süýkelse-de uzak wagtlap iýilmän saklanýar.

“M Endurance” atly zynjyryň häzirlikçe diňe “S1000RR” we “S1000XR” modellerine niýetlenen görnüşini bar bolup, beýleki modeller üçin hem taýýarlanýandygyny mälim edildi.

Humaý ÇARYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylýar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar

ABŞ-ly kompaniýa Aýda myhmanhanalar gurmagy meýilleşdirýär