Ýurdumyzda oba hojalygy önümlerini ösdürip ýetişdirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Munuň üçin ýer bölekleri bölünip berilýär. Üstümizdäki ýylda oba hojalygy öndürijileri üçin ilkinji gezek mäş ösdürip ýetişdirmek üçin 12 müň gektar ýer bölüp berdiler. Bu öňki ýyllara garanyňda birnäçe esse köp.
Sentýabryň ikinji ýarymynda bu ýerden azyndan 10 müň tonna mäş hasylyny almak meýilleşdirilýär. Hasylyň köp bölegi (takmynan 9 müň tonna) Hytaýa, Koreýa, Ýaponiýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna eksport ediler.
Mäş Hindistandan dünýäniň dürli künjegine giňden ýaýran oba hojalyk önümidir. Ol esasan hem, Aziýa ýurtlarynyň aşhanasynda meşhurdyr. Mäş ilkinji nobatda, adam saglygy üçin hem peýdalydyr. Mäşde kalsiý, magniý, fosfor, kaliý, natriý, demir, B witaminleri we beýleki köp sanly peýdaly minerallar bar.
Bu önüm, durnukly oba hojalygy önümçiligi üçin birnäçe inkär edip bolmajak artykmaçlyklara eýedir. Yssy howany söýýän bu ösümlik üçin az mukdarda suw gerek bolýar. Mundan başga-da, ol düzümindäki azotyň mukdary sebäpli topragyň hasyllylygyny hem ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 2019-njy ýylda eksport üpjünçiligi üçin mäş ösdürip ýetirşdirmek boýunça taslamany ýola goýdular. Ýüzden gowrak oba hojalyk öndürijisi – bu birleşmäniň agzalary “Mäş Taslamasy” taslamasyna gatnaşýarlar.