SPORT

“La Liganyň” iň ýaş futbolçysy

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynyň 31-nji tapgyrynda “Real Madrid” bilen “Malýorka” toparlary duşuşdylar.  Duşuşykda 2-0 hasaby bilen Şa topary ýeňiş gazandy. “Real”-yň düzüminde Winisius Juniýor we Serhiýo Ramos tapawutlandylar we şeýlelikde “Real Madrid” çempionatda ynamly birinji oruny saklap gelýärler. 83-nji minutda oýna giren “Malýorka” toparynyň oýunçysy Luka Romero adyny liganyň taryhyna altyn harplary bilen ýazdyrdy. “Malýorka” toparynyň ýaş akademiýasyndan ýetişen 15 ýaşly 219 günlük Romero “La Liga”-nyň taryhynda meýdança çykan iň ýaş oýunçy hökmünde taryha girdi. Mundan öň bu rekordy 1939/1940-njy ýyllarda “Selta Wigo” toparynda çykyş eden Sanson eýeläpdi (15 ýaş 255 gün). Asly meksikaly Luka Romero  Argentinanyň 17 ýaşly milli ýygyndysynda çykyş edýär.

Ýene-de okaň

Özbegistan bilen Azerbaýjan futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär

Gülbadam Babamyradowanyň tälim beren türgeni Aziýa Kubogynda bürünç medal gazandy

Türkmenistan ilkinji gezek FIDE zenanlar dünýä küşt kubogynda wekilçilik edýär

Niko Uilýams “Atletiko” toparynda 10 ýyl galýar

Türkmenistanyň «CAFA Nations Cup-2025» halkara ýaryşyndaky garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanly zenan emin ilkinji halkara ýaryşyna gatnaşar