SPORT

Täze tutluşyklaryň senesi kesgitlendi

Täze taslamanyñ birinji çempionaty 11-nji iýulda geçiriler. UFC guramasynyñ ýolbaşçysy Dana Uaýt ahyrsoñy geçiriljek duşuşyklaryñ haýsy meýdançada geçiriljekdigini mälim etdi. UFC-nyñ “Twitter” sahypasynda Dana Uaýt wideo-söhbetdeşliginde ähli tutluşyklaryň Birleşen Arap Emirlikleriniñ Abu-Dabi şäheriniñ emeli “Ýas” adasynda geçiriler diýip, belledi. Iýul aýynyñ 11-21-i aralygynda ol ýerde “UFC Fight Island” çempionaty geçiriler. Bu geçiriljek çempionat gatnaşyjylar üçin häzirki koronawirus pandemiýasyndan howpsuz bolar.

“Ýas” adasy “Formula 1” ýaryşlarynyň geçirilýän “Ýas Marina” awtodromy, ýokary şertli ýaşaýyş jaýlary, “Ferrari” atly güýmenje seýilgähi, şeýle hem myhmanhanalary we golf meýdançalary bilen köpleriň ünsüni çekýär.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy