SPORT

Ýaýa Toure 37 ýaşady

Şu gün sport älemindäki dünýä belli oýunçylaryñ doglan günleri, şol sebäpli sizi doglan gününi belleýän futbolçylardan Ýaýa Toure bilen tanyşdyrýarys.

Ýaýanyñ doly ady Nenýeri Ýaýa Toure, ol 1983-nji ýylyñ 13-nji maýynda Kot-d’Iwuaryñ Buake şäherinde dünýä inýär. Futbol ýoluna 1996-njy ýylda Kot-d’Iwuar döwletiniñ “ASEK Mimozas” toparynda başlaýar. Soñra bolsa Ýewropa futboluna aralaşyp, 2001-nji ýylda Belgiýanyñ “Beweren” toparynda futbol ýoluny dowam etdirýär.

Ýaýa Toureniň oýnan toparlar:

2001-2003 ý. “Beweren” topary;

2003-2005ý. “Metallurg” topary (Ukraina);

2005-2006ý. “Olimpiakos” topary (Gresiýa);

2006-2007ý. “Monako” topary (Fransiýa);

2007-2010ý. “Barselona” topary (Ispaniýa);

2010-2018ý. “Mançester Siti” topary (Angliýa);

2018-2019ý. “Olimpiakos” (Gresiýa);

2019-2020ý. “Sindao Haýnýu” (Hytaý), toparlarda çykyş edipdir.

Sylaglary:

Afrikanyñ milli kubogynda 2006-2012-nji ýyllarda kümüş, 2015-nji ýylda altyn medaly eýelemegi başardy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady