DÜNÝÄ

Mariana çöketliginiň düýbüne ýetildi

Russiýanyň «Witýaz» suwasty gämisi Mariana çöketliginiň düýbüne ýetip bilen ilkinji gämi boldy. Bu barada «RIA Nowosti» habar berýär.

Bu çümüş Ýeňiş gününiň hormatyna geçirildi. Gäminiň içinde adam ýokdur, ol uzak aralykdan dolandyryldy. Çöketligiň düýbüne ýetilmegiň başardandygynyň subutnamasy hökmünde bu ýerde bellik goýlup gaýdyldy.

Aslynda, Mariana çöketliginiň düýbüne ýetmek üçin ýapon we amerikan suwasty gämilerinde hem synag edildi. Ýöne bu üstünlige «Witýazdan» ozal hiç bir gämi ýetip bilmedi.

Aýdylyşyna görä, «Witýazy» çöketligiň düýbüne ýene birnäçe goýbermek meýilleşdirilýär. Suwasty gämi çöketligi has içgin öwrenmäge mümkinçilik berer.

 

Related posts

Türkmenistanyň deputatlary Täjigistanda iş saparynda bolýarlar

BMG-niň Baş sekretary ŞHG-niň sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara Bileleşigiň täze ýolbaşçysyny saýlamak üçin ses berdi