SPORT

Ronaldo Donald Trampa futbol köýnekçesini sowgat etdi

Portugaliýaly futbolçy, bäş gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi Kristiano Ronaldo ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa goly goýlan futbol köýnekçesini sowgat berdi. Bu barada ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite kömekçisi we kommunikasiýa boýunça geňeşçisi Margo Martin sosial ulgamlarda habar berdi.

Ronaldonyň “7” belgili köýnekçesini Donald Trampa Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta gowşurdy.

“Prezident Donald Tramp üçin, parahatçylyk üçin çykyş edýän lider” diýip, Ronaldo futbol köýnekçesini öz goluny çekip, ýazgy ýazdy.

Geçen hepde 40 ýaşyndaky Ronaldo bilen bilelikde çykyş edýän Portugaliýanyň milli ýygyndysy UEFA Milletler Ligasynda finalda Ispaniýanyň toparyny ýeňip, çempion bolupdy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy