SPORT

Meşhur ispan futbolçysy BAE-niň topary bilen şertnama baglaşdy

Meşhur ispan futbolçysy Andres Iniesta Birleşen Arap Emirlikleriniň “Emirates” topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada BAE-niň toparynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Barselona” toparynyň ozalky ýarymgoragçysy Iniestanyň Lionel Messiniň çykyş edýän “Inter Maýami” toparyna geçjekdigi aýdylýardy.

Ýöne ispan futbolçy BAE-de futbol durmuşyny dowam etdirjekdigini belledi. Toparyň resmi saýtynda “Hoş geldiň, Iniesta” diýlen habar bilen ispan futbolçysy bilen şertnama baglaşylandygy mälim edilýär.

“Barselona” toparynyň düzüminde oýnan döwründe 9 gezek Ispaniýanyň çempiony bolan Iniesta 4 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy we 2018-nji ýylda Ýaponiýanyň “Wissel Kobe” toparyna geçipdi. Bu topar bilen 2021-nji ýylda şertnamasynyň möhletini ýene-de 2 ýyl uzadypdy.

39 ýaşyndaky futbolçy Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen 4 gezek dünýä çmepionatyna gatnaşyp, 2010-njy ýylda Günorta Afrikada geçirilen çempionatda çempion bolupdy.

Related posts

Gruzin futbolçy “PSŽ” toparyna geçer

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak Özbegistanyň futbol ýygyndysy awtoulag sowgat alar

Ata Watan Eserleri

Nowak Jokowiç ― «Uimbldon» ýaryşynyň alty gezek ýeňijisi

Leave a Comment