SPORT

Futbolyň şasy ýene-de hassahana ýerleşdirildi

Futbol boýunça dünýäniň 3 gezek çempiony hem-de futbolyň şasy hasaplanýan Pele ýene-de hassahana ýerleşdirildi. Golaýda ol galyň içegelerde emele gelen çişi aýyrmak üçin operasiýa geçiripdi.

Soňra ýagdaýy gowulaşandan soňra hassahanadan çykarylan Pele ýagdaýynyň täzeden ýaramazlaşmagy bilen reanimasiýa ýerleşdirildi.

Takmynan 2 hepde mundan ozal içegede şübheli çiş sebäpli operasiýa edilen 80 ýaşyndaky Peläniň dem alyş ýollaryndaky nasäzlyklar sebäpli hassahana ýerleşdirilip, onuň gaýra üzülmeleriniň ýeňil ýagdaýdadygy mälim edildi.

 

Türkmenistandan Russiýa 21-nji ýörite uçar gatnawy

 

Related posts

Dünýä çempiony “PSŽ” toparynda çykyş eder

“Formula 1” türgeni öz ýurdunyň baýlarynyň sanawyna girdi

Ispan janköýer dünýä çempionatyna ýöräp barýar