SPORT

2020-nji ýylda milli ýygyndylaryň duşuşyklary bolmaz

FIFA we UEFA 2021-nji ýyla çenli milli ýygyndylaryň arasyndaky duşuşyklary geçirmezlik kararyna geldiler. Bu barada FIFA-nyň wise-prezidenti we KONKAKAF-yň prezidenti Wiktor Montalýani habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, FIFA we UEFA üçin häzir esasy maksat milli çempionatlary tamamlamakdyr. Milli ýygyndylaryň arasyndaky halkara duşuşyklar bolsa futbolçylarynyň saglygyna howp salyp biler.

2021-nji ýylda geçiriläýende hem, milli ýygyndylaryň arasyndaky duşuşyklara tomaşaçylaryň goýberiljekdigi heniz belli däl. Şeýle hem UEFA baharyň ahyryna çenli ähli milli çempionatlary tamamlamagyň ýollaryny gözleýär.

Related posts

Tennisçi aýdym-saz toplumyny çykardy

UEFA Çempionlar ligasy: Messiden soňra Ronaldo hem şowsuzlyga uçrady

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Eýranyň ýygyndysyndan üstün çykdy