SPORT

Türkmenistan Bakuwda geçiriljek ýaşlaryň dünýä çempionatyna gatnaşar

Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndysy Bakuwda geçiriljek ýaşlaryň dünýä çempionatyna gatnaşar.

27-nji iýuldan 2-nji awgusta çenli Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Abraýly halkara ýaryşa Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem gatnaşar. Topar ýaryşa taýýarlygyň jemleýji tapgyryny üstünlikli tamamlady.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzümine Nöker Guwanjow (65 kg çenli agram derejesi), Mekan Hudaýberenow (71 kg çenli) we Şaapbas Esgerow (80 kg çenli) girdi.

Dünýä derejesindäki bu ýaryş ýaş türgenlere öz ussatlyklaryny görkezmäge hem-de Türkmenistanyň sport abraýyny mynasyp goramaga mümkinçilik döreder.

Related posts

Ýylyň hüjümçisi: Messi Ronaldodan öňe geçdi

Özbek futbolçy Aziýanyň iň gymmat oýunçysy boldy

Messi “Barselona” näçe gazandyrdy?