SPORT

Çempionlar ligasynyň 1/4 finalçylary belli boldy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň duşuşkalry tamamlandy. Angliýada “Liwerpul” toparyna Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyny ýeňmek başartmady. Çempionar ligasynyň kubogyny gazanmakda tejribeli bolan “Real Madrid” topary 1:0 hasabynda ýeňdi.

Beýleki duşuşykda bolsa, Italiýanyň “Napoli” topary “Aýntraht” toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, ilkinji gezek bu ýaryşyň 1/4 finalynda oýnar.

Şeýlelikde, Ýewropanyň naýbaşy ýaryşynda 1/4 finalçylar belli boldy. 8 toparyň arasynda Italiýadan 3 topar, Angliýadan 2 topar, Ispaniýadan, Germaniýadan we Portugaliýadan 1 topar gatnaşýar.

Italiýadan «Milan», «Inter» we «Napoli» toparlary, Angliýadan «Çelsi» we «Mançester Siti», Ispaniýadan «Real Madrid» topary 1/4 finalda ýaryşar/

Şeýle hem 8 toparyň arasynda Germaniýanyň «Bawariýa» we Portugaliýanyň «Benfika» toparlary öz ornuny aldy.

1/4 finalyň bijeleri 17-nji martda çekiler.

Related posts

HOK-yň öňki prezidentiniň ady dakyldy

Futbol transfer bazarynyň bahasy 6,6 milliard dollar

Türkiýä gelen jahankeşdeleriñ sany 64 milliona ýetdi

Leave a Comment