SPORT

Taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň Liga kubogyny gazandy

Angliýanyň “Nýukasl” topary Angliýanyň Liga kubogynyň finalynda “Liwerpul” toparyny 2:1 hasabynda utup, 70 ýyldan soňra bu kubogy gazanmagy başardy.

Angliýanyň meşhur “Uembli” stadionynda geçirilen duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň gollaryny 45-nji minutda Den Bern we 52-nji minutda Aleksander Isak geçirdi. “Liwerpulyň” ýeke-täk goly 90+4-nji minutda Federiko Kýezadan geldi.

Şeýlelikde, “Nýukasl” topary öz taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň Liga kubogyny gazandy. Topar mundan ozal, bu kubokda 2 gezek finala çykypdy. 1976-njy we 2023-nji ýyllarda bolupdy.

“Liwerpul” topary 2024-nji ýylda bu kubogy gazanypdy. Şeýle hem topar bu kubogy gazanmakda rekorda eýe bolup, 10 gezek 1981, 1982, 1983, 1984, 1995, 2001, 2003, 2012, 2022-nji ýyllarda kubogy gazanypdy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler

Türkmen samboçylary Özbegistanda 17 medal gazandylar

Türkmen türgenleri kikboksing boýunça Dünýä kubogynda 14 medal gazandy

«Arkadag» Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň «Şwaý Rieng» kluby bilen duşuşar

Çempionlar ligasy: “Arsenal” bilen “PSŽ”, “Barselona” bilen “Inter” oýnar

UEFA-nyň Çempionlar ligasy: “Barselona” we “PSŽ” ýarym finala çykdy