SPORT

Türkmen türgenleri GDA-nyň II Oýunlaryna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň türgenleri 4-14-nji awgust aralygynda Belarus Respublikasynda geçirilýän GDA-nyň II Oýunlaryna gatnaşýarlar. Bu ýounlara gatnaşmak üçin türkmen türgenlerinden ybarat bolan topar Belarusyň paýtagty Minsk şäherine bardylar. Bu barada “Belta” habarlar gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde 110 adam bolup, olaryň 82-si sportuň 13 görnüşi – boks, dzýudo, taý boksy, sambo, grek-rim göreşi, erkin göreş, karate, şeýle hem agyr atletika, ýeňil atletika, basketbol 3х3 (erkekler), ýaýdan ok atmak ýaly ugurlarda medally orunlar üçin bäsleşerler.

GDA-nyň II oýunlaryna takmynan 4 müň türgen, 900 tälimçi we 800 sany emin gatnaşýar. Ýaryşlar Belarusyň 11 şäherinde – Minsk, Borisow, Brest, Witebsk, Gomel, Grodno, Žlobin, Mogile, Orşe we Soligorsk şäherlerinde geçiriler. Şeýle görnüş ýaryşyň geografiýasyny giňeltmekden ybaratdyr.

Umuman, sportuň 20 görnüşi boýunça medally orunlar üçin gyzykly bäsleşikleriň geçirilmegine garaşylýan ýaryş barada çykyş eden Belarusyň sport we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Oleg Andreýçuk türgenler hem-de daşary ýurtdan gelen wekiliýet agzalary üçin ähli amatlylyklaryň döredilendigini belledi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýurtlarynyň arasynda geçirilýän bu ýaryşyň ilkinjisi Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy