SPORT

Mbappeniň her bir sekundy üçin 2,31 ýewro

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň ýyldyz hüjümçisi Kilian Mbappe bilen gyzyklanýan Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” topary trasnfer üçin nyrhyny ýokarlandyrdy. Ozal fransuz toparyna 200 million ýewro, Mbappeniň her möwsümine 200 million ýewro teklip eden saud topary bu gezek Mbappeniň her bir sekundyna 2.31 ýewro teklip etdi.

Bu hem Mbappe üçin her bir möwsümde 700 million ýewro gazanmaga mümkinçilik berer. Fransuz topary futbolçy bilen gepleşikler geçirmäge rugsat berdi. Saud topary Mbappe 700 million ýewrolyk teklip bilen çykyş etmekçi bolýar.

Umuman, bu ýagdaý durmuşa geçen halatynda Mbappeniň bahasy 1 milliard dollardan geçýär. 24 ýaşyndaky Mbappe “PSŽ” toparyndaky şertnamasynyň möhletini 2024-nji ýylyň iýunynda tamamlap, Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyna erkin futbolçy hökmünde gitmegi meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda bir futbolçy üçin iň köp möçberde transfer nyrhy tölän topar “PSŽ” toparydyr. Ol “Barselona” toparyndan Neýmary satyn almak üçin 222 million ýewro töläpdi.

Şertnama rekordy bolsa Kristiano Ronaldo degişlidir. Ol Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topary bilen 200 million ýewrolyk şertnama baglaşypdy.

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy