DÜNÝÄ

Rustam Minnihanow Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma gatnaşar

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň başlygy Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi. Şol hatda, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Hususan-da, hatda şeýle diýilýär:

– Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigiňiz, şeýle hem Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmaga çakylygyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Parahatçylyk we ynanyşmak häzirki wagtda tutuş adamzadyň isleg bildirýän iň uly gymmatlyklarydyr. Olaryň berkarar edilmegi netijesinde ýurtlaryň howpsuzlygy, halklaryň abadançylygy üpjün edilýär, ruhy baýlyk ösdürilýär we sazlaşyk pugtalandyrylýar.

Şeýle forumyň Türkmenistanda geçirilmegi öňüni alyş diplomatiýasynyň ilerledilmegine, özara ynamyň berkidilmegine hem-de döwletleriň durnukly ösüşine ýardam eder, şol bir wagtda uzak möhletleýin ählumumy durnuklylygyň binýadyny goýmak bilen, gaýragoýulmasyz meseleleriň oňyn çözülmegine mümkinçilik berer. Ýokary derejeli çärä uly höwes bilen gatnaşmaga hem-de öňde boljak forumyň çäklerinde Siz bilen ýene bir gezek duşuşmaga şatdyryn.

Ýene-de okaň

Donald Tramp 80 ýaşady

Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek işi dowam edýär

Türkmenistanyň ilçisi Filippinleriň Garaşsyzlyk gününiň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan Pekinde geçirilen Adam hukuklary ýokary derejeli foruma gatnaşdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatyna gatnaşýar