SPORT

Messi “Inter Maýamide” galmak isleýär

Argentinanyň ýyldyz hüjümçisi Lionel Messi 2025-nji ýylyň ahyryna çenli “Inter Maýami” toparynda galmagy meýilleşdirýär. Bu barada “talkSPORT” neşiri habar berýär.

Habarçylaryň berýän habaryna görä, argentin futbolça Maýamide ýaşamak ýaraýar. Onuň häzirki çykyş edýän topary bilen şertnamasy geljek ýylyň ahyrynda tamamlanýar. Messi şertnamasynyň möhletini uzaldyp biler we 2026-njy ýylda ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň bilelikde gurnaýan dünýä çempionatyna taýýarlyk görüp biler.
“Inter Maýami” topary MSL çempionatynda çempion boldy, 22 duşuşykda oýnan Messi 21 gol geçirdi.

Related posts

Ýewro-2020: 18-nji iýunyň duşuşyklary

“Beşiktaş” Türkiýäniň kubogyny eýeledi

Futzal boýunça Aziýanyň kubogy – saýlama duşuşyklary Merkezi Aziýada geçiriler