JEMGYÝET

Gutlag: Türkmen bedewiniň milli baýramy

Eziz watandaşlar!

Hormatly atşynaslar!

Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda giňden we uly dabara bilen bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Ýelden ýüwrük bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlary täzeden dikeldilip, türkmen atşynaslyk sungaty täze belentliklere göterilýär. Yhlasly we döredijilikli zähmet çekýän türkmen atşynaslary ady dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny köpeltmek boýunça uly işleri alyp barýarlar.

Halkymyz mukaddeslik derejesine ýetiren bedewlerini ajaýyp şaý-sepler, altyn-kümüş esbaplary bilen bezäpdir. Ata-babalarymyzyň şeýle ajaýyp ýörelgeleri häzirki döwrüň zergärçilik sungatynda hem giňden dowam etdirilýär.

Şeýle hem, türkmen ýigitleriniň ýerine ýetirýän at üstündäki oýunlary toý-baýramlarymyzyň bezegi bolup, ildeşlerimizde we daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Hormatly atşynaslar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, atçylyk sungatyny we sportuny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, bu pudagy ösdürmek boýunça dünýäniň dürli döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ähli welaýatlarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy we olaryň döwrebaplaşdyrylmagy, atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ýurdumyzda atçylyk sungatynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem biz uly üns berýäris. Ussat atşynaslary, seýisleri we çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezlerini döredýäris. Aşgabat atçylyk sport toplumynda gurlan bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiklerini guramak üçin açyk manežiň ýurdumyzda atly sporty ösdürmäge uly itergi berjekdigine berk ynanýaryn!

Halkymyzyň uçar ganaty bolan ýelden ýüwrük behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, atly sport bäsleşiklerini, at üstündäki dürli milli oýunlary, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiklerini geçirmek we seçgi-tohumçylyk işini gowulandyrmak hem-de bu pudakda gazanylan üstünlikleri dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyryp has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere hemişe üns bereris. Döwletimiz geljekde hem ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge, bu ugurda dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli tejribeleri alyşmaga, netijeli hyzmatdaşlyk etmäge hem-de atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly goldaw berer.

Hormatly atşynaslar!

Türkmen topragynda gadymy döwürlerden bäri ösdürilip kemala getirilýän we umumadamzat gymmatlygyna öwrülen nurana bedewlerimiz dünýäniň arassa ganly, tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biridir. Wepadarlygy, ýyndamlygy hem-de gözelligi bilen halkymyzyň buýsanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň köňül guwanjy, uçar ganatydyr.

Ynsan bilen bedew atyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary ajaýyp nusgawy eserlerimizde hem giňden şöhlelendirilýär. Muňa türkmen halk döredijiliginde çuň many-mazmunly, ynsanyň dünýägaraýşyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolan nakyllardyr atalar sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. «At agynan ýerde toý bolar», «Irden tur ataňy gör, ataňdan soň – atyňy», «Aty baryň ganaty bar», «Ýüwrük ata baha bolmaz» ýaly ençeme nakyllary döreden merdana halkymyz özüniň ýaşaýyş-durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir. Sebäbi, ýelden ýüwrük bedewler gadymy topragymyzyň gudratydyr, türkmeniň ganaty we buýsanjydyr!

Eziz watandaşlar!

Hormatly atşynaslar!

Sizi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz we hemişelik Bitarap Watanymyzda uly dabaralara beslenip bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys