PEÝDALY MASLAHAT

Är-aýalyň bilelikdäki umumy eýeçiligi

Är-aýal tarapyndan nikaly döwründe edinilen emlägi (pul we gymmatly kagyzlary hem goşmak bilen, gozgalmaýan we gozgalýan zatlary) är-aýalyň haýsysyna satyn alnandygyna ýa-da pul serişdeleriniň är-aýalyň haýsysyna ýa-da haýsysy tarapyndan harç edilendigine garamazdan, olaryň bilelikdäki umumy eýeçiligi bolup durýar.

Är-aýalyň bilelikdäki emlägine olaryň her biriniň girdejileri, alan pensiýalary, döwlet kömek pullary, şeýle hem ýörite niýetlenen maksady bolmadyk gaýry pul möçberleri (maddy kömek pul möçberleri, zähmete ukyplylygyny ýitirmegi bilen baglanyşykly ýa-da saglygyna başga şikes ýetirilmegi netijesinde zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna tölenen pul möçberleri we başgalar) degişlidir.

Çeşme : minjust.gov.tm

Related posts

Hamyrmaýasyz gözleme

Ata Watan Eserleri

Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige aldyrmak barada maglumat

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda daşary ýurtly syýahatçylary bellige almak

Ata Watan Eserleri