SPORT

Ronaldo ilkinji milliarder futbolçy bolar

“Business Insider” portalynyň habaryna görä, Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kristiano Ronaldonyň 2020-nji ýylda karýerasynda bir milliard dollar gazanan üçünji türgen we taryhda ilkinji futbolçy boljakdygy mälim edildi.

Portugaliýaly meşhur futbolçynyň girdejisi, ýiti respirator keseli bilen baglanyşykly “Ýuwentus” toparyndaky  aýlyk hakynyň azalmagy bilenem kän bir täsir etmeýär. Ronaldo “CR7” erkek eşik markasynyň eýesidir. Şeýle hem ol köp sanly mahabat şertnamalaryndan millionlarça dollar girdeji gazanýar.

Meşhur golfçy Tiger Wuds we boksçy Floýd Maýweather öň bir milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. Çeşmäniň habaryna görä, şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer hem 2020-nji ýylda bu türgenleriň hataryna goşulmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy