JEMGYÝET

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk toparynyň mejlisi geçiriler

Şu ýylyň 19-20-nji fewraly aralygynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk toparynyň mejlisi geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk işiniň netijeligini ýokarlandyrmak maksady bilen degişli teklip hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk edýändigini, şunda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini aýtdy.

 

Related posts

Türkmen-rus hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy

YHG sammit: energetika we ykdysady hyzmatdaşlyk ýygjamlaşdyrylar

Nebitgaz toplumyna täze wise-premýer bellendi

Ata Watan Eserleri