BIZNES

Türkmenistanda “Galkynyş” töleg ulgamy işlenip düzüldi

Türkmenistanda menzilara bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmеnistanyň Döwlеt daşary ykdysady iş banky tarapyndan bank işiniň täze usullaryny ornaşdyrmak, hususan-da “Galkynyş” töleg ulgamyny işläp taýýarlamak boýunça degişli işler geçirildi.

Munuň özi edaralar we şahsy taraplar üçin döwrebap hem-de ýokary hilli menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemäge we olaryň gerimini giňeltmäge, şeýle hem bank işiniň netijeliligini artdyrmaga ýardam berer.

 

Related posts

Türkmenistan Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanda 1500 hususy firmalar senagat we himiýa önümçiligini edýär

Türkmenistan “Global Gateway” forumyna gatnaşdy