BIZNES

«Kia Motors» awtoulaglaryň kepillik möhletini uzaltdy

Birnäçe gün mundan ozal «Hyundai» kompaniýasy dünýäniň dürli künjeklerindäki şahamçalarynda satan awtoulaglarynyň kepillik möhletini uzaltdy. Bu habary eşiden «Kia Motors» awtoulag kompaniýasynyň işgärleri hem özleriniň satan awtoulaglarynyň kepillik möhletini uzaltmagy karara geldiler. Indi Günorta Koreýasanyň iň iri kompaniýalaryň biri bolan «Kia Motors» kompaniýasy häzirki wagtda ABŞ-da satylan 2020-nji ýylyň maý aýynda kepillik möhleti tamamlanýan ähli awtoulaglaryň möhletini iýun aýynyň 30-yna çenli uzaltdy. Şeýle mümkinçilikler gysga wagtda kompaniýanyň beýleki ýurtlardaky şahamçalarynda hem dörediler.

Related posts

Ýaponiýanyň «GRANSOL INC» kompaniýasy öz hyzmatlaryny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Täjigistanyň ykdysady ösüşi 8,4 göterime deň boldy

Aşgabat Ýewropa gaz ibermek meýilnamalaryny saklap galýar