SPORT

Tomas Mýuller Bawariýa bilen iki ýyllyk şertnama baglaşdy

Aslynda dünýä belli hüjümçi Tomas Mýulleriň Bawariýa topary bilen baglaşan şertnamasy indiki möwsümiň ahyrynda dolýardy. Emma muňa garamazdan ol ýene Bawariýa topary bilen iki ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol indi 2023-nji ýyla çenli bu toparda oýnar. Ol bu barada şeýle diýýär: «Men ömrümiň üçden iki bölegini Bawariýa toparynda boldum. Bu futbol topary diňe bir köne iş ýerim däl-de, bu topar meniň hyjuwym. Ýene-de iki ýyl goşmaça galanyma diýseň begenýärin» — diýip, Tomas Mýuller aýdýar.  Bu oýunçy Bawariýa toparynyň ençeme oýunlaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş edip, toparyň abraýyna özüniň saldamly goşandyny goşup gelen oýunçy. Tomas Mýulleriň toparda galmagy Bawariýanyň oýunçylary bilen bir hatarda toparyň tälimçisini hem begendirdi.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar