SPORT

Mbappe iň köp hak tölenýän futbolçy

Meşhur “Forbes” žurnaly dünýäniň iň köp hak tölenýän futbolçylarynyň sanawyny taýýarlady. Şol sanawda öňdeligi Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe eýeledi.

2022-2023-nji möwsümde Mbappe 128 million dollar gazanar we şonuň 18 milliony hemaýatkärlik şertnamalaryndan alar. 2014-nji ýyla çenli bu sanawda öňeligi Lionel Messi bilen Kristiano Ronaldo eýeläp gelýärdi.

Täze sanawda ikinji orny Lionel Messi eýeledi. Ol bu möwsümde 120 million dollar gazanar we şonuň 65 million mahabatdan geler.

Üçünji orundaky “Mançester Ýunaýted” toparynyň portugal hüjümçisi Kristiano Ronaldonyň möwsümdäki girdejisi 100 million dollar bolup, şonuň 60 million hemaýatkärlik şertnamalaryndan gazanar.

Related posts

Žurnalistleriň arasyndaky II Şaşka ýaryşy geçiriler

Dr.Döwran Orazgylyjov

Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygyna çykar

2023/24 AFK Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň netijeleri aýan edildi

Leave a Comment