Russiýanyň Hökümet Baştutany Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirdi diýip, TASS habarlar gullugynyň habarçysy habar berýär.
Duşuşyk Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde geçdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Mişustin Türkmenistanyň Prezidentine we ähli türkmen kärdeşlerine GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýan Russiýanyň wekiliýetini Aşgabatda mähirli hem-de gyzgyn garşylandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy habar berdi.
Premýer-ministr Moskwanyň Aşgabat bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini, köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen hökümet derejesinde türkmen kärdeşleri bilen işjeň işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem Russiýanyň we Türkmenistanyň Liderleri tarapyndan kabul edilen çözgütleriň dessin ýerine ýetirilmegi üpjün edilýär.
Mişustiniň aýtmagyna görä, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara haryt dolanyşygyny has-da artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Ýurtlaryň, ilkinji nobatda, senagat, energetika we ulag infrastrukturasy ulgamynda pudagara kooperasiýany giňeltmek üçin gowy mümkinçilikleri bar.
Mundan başga-da, özara maýa goýumlaryny çekmek, şeýle hem Russiýanyň we Türkmenistanyň işewürleriniň we raýatlarynyň bähbidine täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin amatly şertleri döretmek barada gürrüň gidýär. Anyk meseleleri işläp taýýarlamak bilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topary degişli işleri geçirýär.
Premýer-ministr sözüni dowam edip, ulag we logistika ulgamyny hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde garalýandygyny belledi. Russiýa we Türkmenistan Hazar sebitinde we Ýewraziýada uly üstaşyr (tranzit) mümkinçiliklerine eýedir. Ýurtlary Hytaýyň, Hindistanyň, Pars aýlagynyň bazarlary, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň we Afrikanyň döwletleri bilen baglanyşdyrýan “Demirgazyk – Günorta” halkara ulag geçelgesi işjeň ösdürilýär.
Mişustiniň aýtmagyna görä, sebitara aragatnaşyklar hem berkidilýär. Russiýanyň köp sanly sebiti türkmen hyzmatdaşlary bilen göni işewürlik gatnaşyklaryny saklaýar. Olaryň öňdebaryjylarynyň hatarynda Sankt-Peterburg, Tatarstan we Astrahan oblasty bar.
Sebit derejesinde kiçi we orta telekeçiligiň gatnaşmagynda täze başlangyçlar taýýarlanýar. Ýurtlar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda netijeli işleýärler, Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny goldaýar we iki ýurduň bähbitleri ugrunda hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklaýar diýip, Russiýanyň Ministrler Kabinetiniň baştutany nygtady.
