Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün  Hamallar  üçin işjeň we jogapkärçilikli günleriň biri bolar. Gün dowamynda dürli meseleler onuň öňünde garaşylmadyk ýagdaýda peýda bolup biler. Şonuň üçin ähli işleri ýeke özi ýerine ýetirmek kyn düşer. Käbir ýagdaýlarda ýakyn adamlarynyň ýa-da kärdeşleriniň goldawyna ýüz tutmaly bolar. Şeýle-de bolsa, onuň ýolbaşçylyk ukyby we tutanýerliligi ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek eder. Ýyldyzlar Hamala howlukmaç kararlardan gaça durmagy maslahat berýär. Sabyrly we paýhasly hereket etmek üstünlik getirer. Şeýle hem ertir täze mümkinçilikleriň gapysy açylyp biler. Maliýe meselelerinde seresaplylyk görkezmek ýerlikli bolar. Ýakynlaryňyz  bilen gatnaşyklarda düşünişmezlikleriň döremegine ýol bermeli däl. Günün ikinji ýarymynda ýakymly habar almagy ähtimal. Täze tanyşlyklar hem onuň durmuşyna täsir edip biler. Agşam sagatlarynda dynç almaga wagt bölmek peýdaly bolar. Ruhy rahatlyk ertir Hamallar  üçin aýratyn möhümdir.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
 Sowurlary  mähirli we rahat atmosfera gurşap alar. Gün dowamynda ol özüni ynamly we rahat duýar. Ýakyn adamlary bilen gatnaşyklarda özara goldaw has-da güýçlener.Olaryň   açyk göwünliligi köp adamlaryň ünsüni özüne çeker. Şonuň üçin täze dostluklaryň döremegi hem mümkin. Iş ýerlerinde  öň başlan işlerini üstünlikli dowam etdirer. Käbir meselelerde onuň pikirine aýratyn ähmiýet berler. Şeýle ýagdaý Sowuryň özüne bolan ynamyny artdyrar. Maliýe ýagdaýynda oňyn özgerişler bolup biler. Şeýle-de bolsa, artykmaç çykdajylardan gaça durmak maslahat berilýär. Gün dowamynda ýakymly duşuşyklar garaşylýar. Agşam sagatlarynda maşgala agzalary bilen wagt geçirmek gowy täsir galdyrar. Şeýle pursatlar ruhy rahatlyk getirer. Ertir Sowurlar  üçin şowly günleriň biri bolar. Ýyldyzlar ähli işlerde üstünlik wada berýär.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwza  ýyldyzynyň astynda doglanlar  üçin täze mümkinçilikleriň we gyzykly wakalaryň güni bolar. Güniň dowamynda onuň aragatnaşyk ukyby has-da güýçlener. Ol öz pikirlerini erkin beýan edip, adamlarda gowy täsir galdyrmagy başarar. Täze tanyşlyklar we peýdaly duşuşyklar hem bolup biler. Käbir maglumatlar onuň geljekki meýilnamalaryna täsir eder. Ýyldyzlar Jöwzalara  döredijilikli  mümkinçiliklerini görkezmegi maslahat berýär. Iş bilen bagly täze teklipleriň gelip gowuşmagy mümkin. Şeýle mümkinçilikleri dogry peýdalanmak möhümdir. Maliýe meselelerinde üstünlik gazanmagyna garaşylýar. Gün dowamynda köpçülikleýin çärelere gatnaşmak hem peýdaly bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

 Seretanlar  üçin täsirli duşuşyklaryň we täze mümkinçilikleriň güni bolar. Gün dowamynda dürli adamlar bilen möhüm söhbetdeşlikler bolup biler. Käbir tanyşlyklar onuň durmuşyna uly täsir ýetirer. Şonuň üçin ýyldyzlar her bir ýagdaýda özüni ynamly alyp barmagy maslahat berýär. Olaryň  tebigy mähirliligi köp adamy özüne çeker. Iş bilen bagly meselelerde üstünlik gazanmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa, ähli kararlary howlukman kabul etmek möhümdir. Gün dowamynda täze pikirler we meýilnamalar peýda bolup biler. Ýakynlaryňyz  bilen gatnaşyklarda düşünişmek güýçlener.
 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün siz üçin ýolbaşçylyk ukybyny görkezmäge amatly gün bolar. Gün dowamynda köp meselelerde başlangyç onuň eline geçer. Daşyndaky adamlar onuň pikirine aýratyn hormat bilen gararlar. Şeýle ýagdaý Esetiň özüne bolan ynamyny güýçlendirer. Käbir möhüm meselelerde jogapkärçilik almaly bolar. Ýyldyzlar oňa batyrgaý hereket etmegi maslahat berýär. Şeýle-de bolsa, ähli kararlarda paýhaslylyk möhüm bolup galýar. Iş bilen bagly täze mümkinçilikleriň peýda bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaý geljekki üstünlikleriň başlangyjy bolup biler. Maliýe meselelerinde oňyn netijeler garaşylýar. Gün dowamynda ýakyn adamlaryndan hoş habar alyp biler. Şeýle pursatlar onuň keýpini göterer. Agşam sagatlarynda dynç almak peýdaly bolar  we  ruhy taýdan özüni güýçli duýar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün  Sünbüleler üçin seresaplylygy talap edýän günleriň biri bolar. Gün dowamynda dürli adamlar onuň pikirine täsir etmäge synanyşyp bilerler. Şonuň üçin ýyldyzlar her bir meselä paýhasly çemeleşmegi maslahat berýär. Öz pikirinde berk durmagy başarsa, köp kynçylyklardan üstünlikli geçer. Iş bilen bagly meselelerde howlukmaç karar kabul etmek ýerlikli bolmaz. Käbir adamlaryň wadalaryna ýa-da gürrüňlerine dessine ynanmaly däl. Şeýle-de bolsa, Sünbüleniň zähmetsöýerligi we sabyrlylygy ähli meseleleri ýeňip geçmäge kömek eder. Gün dowamynda täze maglumatlary öwrenmek peýdaly bolar. Maliýe meselelerinde tygşytly hereket etmek maslahat berilýär.Günüň ikinji ýarymynda  ýakymly duşuşyklar bolup biler.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar  üçin aragatnaşyk we täze pikirler güni bolar. Gün dowamynda dürli adamlar bilen  dil tapyşmagy başararsyňyz. Onuň açyk göwünliligi we hoşniýetli gatnaşygy köp adamlarda gowy täsir galdyrar. Şeýle-de bolsa, logiki pikirlenmegi talap edýän işleri başga güne goýmak has ýerlikli bolar. Hasaplamalar ýa-da çylşyrymly meýilnamalar oňa birneme kyn düşüp biler. Muňa garamazdan, döredijilikli işler üçin amatly mümkinçilikler döreder. Ýyldyzlar täze pikirleri paýlaşmakdan çekinmezligi maslahat berýär. Gün dowamynda täze tanyşlyklar hem peýda bolup biler. Käbir duşuşyklar geljekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Ýakyn dostlaryňyz  bilen geçirilen wagt size uly üstünlikli pikirleri getirer.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün  Akraplar  üçin ösüş we täze mümkinçilikler güni bolar. Gün dowamynda hünär ýa-da şahsy ösüş bilen bagly gyzykly maglumatlar bilen ýüzbe-ýüz bolup biler. Şeýle maglumatlar onuň geljekki meýilnamalaryna oňyn täsir eder. Ýyldyzlar täze bilimleri öwrenmäge aýratyn üns bermegi maslahat berýär. Şeýle hem dürli maslahatlar we tejribeler peýdaly bolup biler. Iş bilen bagly meselelerde üstünlik gazanmagyna garaşylýar. Käbir meselelerde onuň başarnygy ýokary baha alar. Maliýe ýagdaýynda hem oňyn özgerişler bolup biler. Şeýle-de bolsa, ähli çykdajylary öňünden meýilleşdirmek ýerlikli bolar. Güniň ikinj ýarymynda   täze adamlar bilen duşuşmagyňyz mümkin. Şeýle tanyşlyklar size peýdaly bolar. Agşam sagatlarynda maşgalaňyz  bilen wagt geçirmek ruhy rahatlyk getirer.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Kowuslar bu gün köpçüligiň üns merkezinde bolar. Gün dowamynda onuň özüne çekijiligi we täsirli çykyşlary köp adamlary haýran galdyrar. Daşyndaky adamlar onuň bilen has köp wagt geçirmek islärler. Şeýle ýagdaý Kowuslara  täze mümkinçilikleriň gapysyny açyp biler. Iş bilen bagly meselelerde üstünlik gazanmagyna garaşylýar. Käbir möhüm duşuşyklar hem siziň peýdaňyza çözüler. Ýyldyzlar ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy maslahat berýär. Şeýle-de bolsa, gün dowamynda dürli işleriň köplügi sebäpli ýadawlyk duýmagy mümkin. Şonuň üçin dynç almaga hem wagt bölmek möhümdir. Maliýe meselelerinde oňyn ýagdaýlar bolup biler. Ýakyn adamlaryňyz  bilen gatnaşyklarda düşünişmek güýçlener.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jediler üçin tutanýerlilik we ynandyryjylyk esasy orun eýelär. Gün dowamynda ol köp meseleleri öz peýdasyna çözmegi başarar. Daşyndaky adamlaryň hereketlerine täsir etmek mümkinçiligi hem güýçlener. Şeýle ýagdaý iş bilen bagly meselelerde üstünlik gazanmaga kömek eder. Ýyldyzlar size  ähli kararlary paýhasly kabul etmegi maslahat berýär. Käbir adamlaryň goldawy onuň üçin möhüm bolar. Şeýle-de bolsa, ähli meseläni diňe öz üstüne almak ýerlikli bolmaz. Gün dowamynda täze mümkinçilikleriň peýda bolmagy hem mümkin. Maliýe meselelerinde üstünlikli ýagdaýlar garaşylýar. Şeýle hem öňden meýilleşdirilen işler üstünlikli dowam eder. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklarda özara düşünişmek güýçlener. Agşam sagatlarynda rahat dynç almak peýdaly bolar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Daluwlar  üçin täze pikirleriň we üstünlikli hyzmatdaşlygyň güni bolar. Gün dowamynda dürli meseleler boýunça gyzykly pikir alyşmalar bolup biler. Kärdeşleri, dostlary ýa-da ýakynlary bilen geçirilen söhbetler täze mümkinçilikleriň döremegine sebäp bolar. Ýyldyzlar Daluwyň döredijilik ukybynyň has-da güýçlenjekdigini habar berýär. Şeýle ýagdaý täze meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şert döreder. Gün dowamynda toparlaýyn işlerde üstünlik gazanmagyna garaşylýar. Daşyndaky adamlaryň goldawy onuň işlerini ýeňilleşdirer. Şeýle-de bolsa, ownuk jedellerden daşrak durmak maslahat berilýär. Maliýe meselelerinde täze mümkinçilikleriň peýda bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaý onuň geljekki meýilnamalaryna oňyn täsir eder. Günün ikinji ýarymynda ýakymly duşuşyklar garaşylýar. Şeýle pursatlar siziň ruhuňyzy göterer.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün  Hutlar  üçin sabyrlylygyň we goldaw bermegiň möhüm boljak güni bolar. Gün dowamynda ýakyn adamlaryňyzyň  biri siziň maslahatyňyza ýa-da kömegiiňize mätäç bolup biler. Şeýle ýagdaý Hutdan düşünjeli we paýhasly çemeleşmegi talap eder. Ýyldyzlar onuň mähirli häsiýetiniň köp adama goldaw boljakdygyny görkezýär. Şeýle-de bolsa, ähli meseläni ýüregine ýakyn almak maslahat berilmeýär. Iş bilen bagly meselelerde üstünlikli ýagdaýlar bolup biler. Käbir öňden bäri garaşylan habarlar hem gelip gowuşmagy mümkin. Maliýe meselelerinde seresaplylyk görkezmek ýerlikli bolar. Gün dowamynda döredijilikli pikirler peýda bolup biler. Şeýle mümkinçilikleri dogry peýdalanmak geljekde peýda getirer. Ýakynlaryňyz bilen geçirilen wagt onuň keýpini ýokarlandyrar. Agşam sagatlarynda rahat atmosfera höküm sürer. Ruhy taýdan özüňizi  rahat we ynamly duýarsyňyz. Şeýle hem ertir täze meýilnamalar üçin amatly şertler dörediler.