JEMGYÝET

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin Aşgabada geldi

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin Aşgabada geldi. Ol şu gün bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar diýip, TASS habarlar gullugynyň habarçysy habar berýär.

Çäreleriň çäklerinde hökümet baştutanlarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehnologik we medeni-ynsanperwer ugurlarda GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdyklaryna garaşylýar.

Dag-magdan we metallurgiýa toplumynyň pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, ulag baglanyşygyny güýçlendirmek, radionawigasiýa ulgamlaryny ösdürmek, şeýle hem geoinformasiýa tehnologiýalary we giňişlik maglumatlary ulgamyndaky özara gatnaşyklar baradaky temalary gözden geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Arkalaşygyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin kongres-sergi işiniň Strategiýasyny tassyklamak göz öňünde tutulýar.

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň öňki mejlisi sentýabr aýynda Belarusyň paýtagtynda geçirilipdi.

2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) Türkmenistan başlyklyk edýär. Başlyklyk etmegiň çäklerinde 9-njy oktyabrda Türkmenistanda GDA-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu çärä Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkmenistana geldi

Belarusyň Premýer-ministri Aşgabada geldi