JEMGYÝET

Milli Liderimiz we Gazak Baştutany Hoja Ahmet Ýasawynyň kümmetine baryp gördi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Türküstan şäherinde saparda bolýar. Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hoja Ahmet Ýasawynyň kümmetine baryp gördi.

Gazagystanyň Türküstan şäherindäki türk dünýäsiniň taryhy-medeni ýädygärlikleriniň biri bolan Hoja Ahmet Ýasawynyň kümmeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Gazagystanyň Baştutany beýik akyldary hatyraladylar, şeýle hem kümmetde alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen tanyşdylar.

Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan akyldarlaryň biri Hoja Ahmet Ýasawydyr. «Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet», «türküstanyň piri», «alymlaryň soltany» ýaly atlara mynasyp bolan Hoja Ahmet Ýasawy dünýä medeniýetiniň ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşan meşhur şahyr, alym hem pirdir. Ol Gazagystanyň Türküstan welaýatynyň Ýasa obasynda, takmynan, 1103-nji ýylda eneden doglupdyr.

Related posts

Arkadag şäherinde halkara maslahat geçiriler

Oguljahan Atabaýewa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

HOŞ HABAR! Türkmen dutary ÝUNESKO-nyň sanawynda