JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Prezidenti milli medeni topluma baryp gördi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Türküstan şäherinde saparda bolýar. Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew “Azret-Sultan” goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän milli medeni topluma baryp gördüler. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Baştutany gündogar bazaryna baryp gördüler we bu ýerde däneli ekinleriň birnäçe görnüşleri görkezildi. Şeýle hem milli tagamlaryň, halk senetçiliginiň işleri, hususan-da zergärçilik, dokmaçylyk, ýüňçilik, küýzegärlik ýaly ugurlarda alnyp barylýan işler ýaýbaňlandyryldy.

Mundan başga-da, gazak halkynyň milli däp-dessurlaryny açyp görkezýän teatrlaşdyrylan sahne oýunlary görkezildi.

Sergide Merkezi Aziýada meşhur bolan tazy itleri hem-de elguşlary barada hem maglumatlar berilýär.

 

Milli Liderimiz we Gazak Baştutany Hoja Ahmet Ýasawynyň kümmetine baryp gördi

Related posts

Geljegiň muzeýi gurulýar

vepa

Uly tüsse dagyna ýollar açyldy

Ata Watan Eserleri

Bakanlar Kurulu Başkan yardımcısı değişti