JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella şanly 85 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Italiýanyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Italiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň arasynda syýasy geňeşmeler

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Palestina Döwletiniň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysy özbek diline terjime edildi

Ata Watan Eserleri